Sepleriň elýeterliligi

Ukrain oppozisiýasy rus flotynyň saklanmagyna garşy


Şu gün Ukrainanyň paýtagty Kiýewde parlament binasynyň öňünde müňlerçe adamlar Orsýetiň Krymdaky harby flotyny ýene 25 ýyl saklamak barada gol çekilen täze ylalaşyga protest bildirip, demonstrasiýa geçirdiler.

Bu demonstrasiýada eden çykyşynda Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko ýurduň ähli oppozisiýa güýçlerini bu gol çekilen ylalaşyga garşy agzybirlik bilen çykyş etmeklige çagyrdy.

Şu geçen hepdäniň çarşenbe güni prezident Wiktor Ýanukowiçiň Krymdaky rus harby flotyny ýene 25 ýyl saklamak barada täze ylalaşyga gol çekmeginiň yzy bilen, ýurduň dolandyryjy partiýasynyň agzasy, premýer-ministriň orunbasary Sergeý Tigipko hem bu baradaky ylalaşyga ýapyk gapylaryň aňyrsynda gelnendigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG