Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan hatyra çäresini gecirýär


Şu gün Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda müňlerçe adamlar Birinji Jahan urşy ýyllarynda häzirki Türkiýäniň territoriýasynda Osman imperiýasy tarapyndan ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagynyň ýyl dönümini bellediler.

Bu waka bilen baglanyşykly geçirilen hatyra çäresinde eden çykyşynda Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagyny halkara jemgyýetçiliginiň «genosid» diýip ykrar etjekdigini we munuň gutulgusyz ýagdaýdygyny nygtady.

Bu wakanyň fonunda şu gün Türkiýäniň Ystambul şäherinde-de ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we intellektuallaryň bir topary Ermenistandaky bu çärä raýdaşlyk bildirip, ýörite hatyra çäresini geçirdiler. Bu çäre 100 töweregi adam gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG