Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan Türkiýe bilen ylalaşygy tassyklamakçy däl


Ermenistan geçen ýylyň oktýabr aýynda gol goýlan we Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagy göz öňünde tutýan ylalaşygyň parlamentde tassyklanmak prosesini häzirlikçe ýatyrýandygyny yglan etdi.

Bu baradaky «täzeligi» prezident Serž Sarkisýan 22-nji aprelde halka ýüzlenip eden çykyşynda mälim etdi. Bu resmi beýanatyň tekst görnüşi hem prezidentiň web sahypasynda peýda boldy.

Iki ýurduň arasynda geçen ýylyň oktýabr aýynda gelnen ylalaşyk diplomatik aragatnaşyklary ýola goýmak we serhet geçelgelerini açmak ýaly maddalary öz içine alýar.

Birek-biregi aýyplaýarlar

Ermenistan bilen Türkiýe şol ylalaşyga gol goýanlary bäri bu barada goşmaça şertleri öňe sürýänlikde biri-birini aýyplap geldiler.

Prezident Sarkisýan bu ugurdaky ylalaşygy parlamentde tassyklamak prosesiniň ýatyrylmagynyň “Ermenistanyň bähbidine gabat gelýändigini”, emma bu meseläniň çözgüdi ugrunda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan alnyp barylýan tagallalardan hem Ýerewanyň doly çekilmeýändigini aýtdy.

Ermenistanyň parlamentinde köplügi duzýän Respublikan partiýasynyň parlament toparynyň başlygy Galust Sahakiýan Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna beren interwýusynda Türkiýe bilen ylalaşygyň proýektini tassyklamak prosesini togtatmak ideýasyny öz parlament toparynyň öňe sürendigini aýtdy.

Galust Sahakiýan öz kararlarynyň sebäbini şeýle düşündirdi: «Türkiýäniň şu günki gün bu protokoly öz wagtynda tassyklaman, muny dürli meselelere, şol sanda, Daglyk-Garabag problemasyna baglanyşdyrmagy sebäpli biz Ermenistanyň prezidentiniň bu dokumenti tassyklamak prosesini togtatmagyny makul bildik. Tä Türkiýe bu dokumenti tassyklaýança, bu karar häzirkiligine galar».

Türkiýe muňa garaşmandy

Ýerewanyň bu baradaky beýanaty Türkiýe üçin özboluşly bir garaşylmadyk waka boldy. Sebäbi Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan prezident Sarkisýanyň çykyşyndan bir gün öň eden çykyşynda Ankaranyň parahatçylyk boýunça prosese ygrarly bolmagyna galýanlygyny aýdypdy.

Ýöne beýleki tarapdan, Rejep Taýýyp Ärdogan regional parahatçylyk barada gürrüň etmek bilen, iki ýurduň aragatnaşygyny kadalaşdyrmak baradaky prosesde Daglyk-Garabag konfliktiniň hem ýatdan çykarylmajakdygyna ünsi çekdi.

Türkiýe Ermenistan tarapyndan basylyp alnan Daglyk-Garabag regiony bilen bagly dowam edip gelýän konfliktlerde Azerbaýjany goldap gelýär. Azerbaýjan hem öz gezeginde Türkiýäni Ermenistan bilen öz gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak ugrunda alyp barýan gepleşiklerinde Daglyk-Garabag meselesiniň çözülmegini şert edip goýmaga çagyrypdy.

Ýöne Ermenistanyň prezidenti Sarkisiýanyň 22-nji aprelde eden beýanatyna azeri ýolbaşçylary henize çenli hiç hili rekasiýa bildirmediler.

Ylalaşykdan soň hem dartgynlylyk saklandy

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Daglyk-Garabag regiony bilen bagly ýüze çykan çaknyşyklardan soň, Türkiýe 1993-nji ýylda Azerbaýjana raýdaşlyk bildirip, Ermenistan bilen aradaky öz serhetlerini ýapýanlygyny yglan edipdi.

Halkara araçylarynyň gatnaşmagynda geçen ýylyň oktýabr aýynda Ermenistan bilen Türkiýäniň wekilleriniň arasynda Surihde gelnen ylalaşykdan soň hem bu iki ýurduň aragatnaşygy dartgynly bolmaklygyna galýar.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda gol goýlan şol dokument Birinji Jahan urşy ýyllarynda köpçülikleýin gyrlandygy aýdylýan 1.5 million töweregi ermeni ilatynyň ölümi bilen bagly derňew geçirmeklik üçin iki ýurduň alymlaryndan ybarat komissiýa döredilmegini hem teklip edýär.

Ýerewan şol heläkçiligi “genosid” diýip häsiýetlendirse, Ankara onuň urşuň dowamynda bolan wakadygyny aýdyp, ölenligi aýdylýan adamlaryň sanynyň hem çişirilip görkezilendigini öňe sürýär.

Şol dokumentde Ýerewan bilen Ankaranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan ýola goýulmagy hem-de iki ýurduň serhet geçelgeleriniň açylmagy barada gürrüň edilýär.
XS
SM
MD
LG