Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda okuwçylar zäherlenendir öýdülýär


Owgan häkimiätleri geçen hepde näsaglan 80 okuwçy gyzyň bilkastdan zäherlenip-zäherlenmändigi barada derňew geçirýändigini aýdýarlar.

Derňewiň dowamynda Kunduz welaýatynyň paýtagtynda bir mekdepde 13 gyzyň keselländigi ýüze çykarylypdyr.

Welaýatyň merkezi hassahanasynyň başlygy Humaýun Hamuş gyzlaryň kellagyrydan, ögemeden we üşütmeden şikaýat edendiklerini aýtdy.

Maglumata gorä, şenbe güni şäher hassahanasyna okuwçy gyzlaryň 47-si we olaryň 3 mugallymy getirilipdir. Olar başlarynyň aýlanýandygyny we ýürekleriniň bulanýandygyny mälim edipdirler.

Geçen hepde şeýle näsaglyk alamatlary bilen ýene 20 okuwçy gyz hassahana ýerleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG