Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus lideri Orsýeti tankytlaýar


Düýn Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Orsýeti belarus topragyndaky harby bazalary üçin töleg tölemezlikde tankyt etdi.

Ol Ukrainanyň Moskwa bilen Gara deňizdäki harby bazany ulanmak möhletini uzaltmak barada ylalaşyk baglaşandygyny we Kiýewiň bu ylalaşyk esasynda arzan energiýa aljagyny belledi.

Lukaşenko Orsýetiň Belarusda iki bazasynyň bardygyny, emma olar üçin Minskä hiç hili töleg tölemeýändigini aýtdy.

Şeýle-de, ol agza döwletler Gyrgyzystanyň syýasy bulaşyklygyny gün tertibine girizmeseler, özüniň Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň 8-nýi maýda Moskwada geçjek sammitine gatnaşmajagyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG