Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatdan Londona 20 ýylda ilkinji uçar


Ýekşenbe güni, Islandiýadan göterilen wulkan dumany sebäpli 9 gün gijä galyp, 20 ýylda birinji gezek Bagdat-London gatnawy boýunça ýolagçy uçary asmana galdy.

Yragyň graždan awiasiýasynyň direktory Adnan Blebil uçaryň Şwesiýanyň üstünden Londona barandygyny aýtdy.

Bu uçaryň bortunda 30 daşary ýurtly bilen yrakly ýolagçylaryň, şol sanda, ýurduň transport ministri bilen howa ýollary kompaniýasynyň başlygynyň hem bardygy aýdylýar.

1990-njy ýylda Saddam Huseýiniň Kuweýte çozmagy sebäpli Yragyň garşysyna girizilen sanksiýalardan soň, Bagdat bilen Londonyň arasyndaky ilkinýi uçar gatnawy 16-njy aprele bellenipdi. Ýöne ol Islandiýadan göterilen wulkan dumany sebäpli gijikdi.
XS
SM
MD
LG