Sepleriň elýeterliligi

Owgan we hindi liderleri duşuşýar


Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen owgan prezidenti Hamid Karzaý şu gün Nýu-Delide duşuşyp, regional durnuklylyk hakynda maslahat geçirmekçi.

Iki aý mundan öň Kabulda Hindistanyň 9 raýaty janyndan geçen bombaçynyň hüjüminiň pidasy bolupdy.

Hindi resmileri bu hüjümi Pakistanda ýerleşýän jeňçi topar Laşkar-e-Taibadan görýärler.

Hindistan Owganystanda esasan gurluşyk we kömek tagallalary bilen meşgul. 2001-nýi ýylda Talyp rejimi ýykylaly bäri ol Owganystana bir milliard dollardan gowrak kömek berdi.
XS
SM
MD
LG