Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak raýatynyň şikaýatyna BMG-de garalýar


Nýu Ýorkda ýerleşýän “Open society justice initiative” atly halkara gurama Gazagystanyň raýatynyň şikaýatyny BMG-niň Gynamalara garşy komitetine tabşyrdy. 22-nji aprelde berlen bu şikaýat Gazagystanyň häkimiýetleriniň polisiýanyň gynamalarynyň öňüni almak üçin baş galdyrmandyklaryny görkezýär.

2007-nji ýylyň mart aýynda Aleksandr Gerasimow öz tussaglykda saklanýan öweý oglundan habar-hatyr bilmek üçin Gazagystanyň Kustanaý şäheriniň polisiýa bölümine barýar.

Emma Gerasimowa maglumat berilmeg-ä beýlede dursun, gaýta ol polisiýa işgärleri tarapyndan adam öldürenlikde aýyplanyp, dessine tussag astyna alynýär. Onuň etmedik jenaýatyny boýun aldyrmaga synanyşan polisiýa işgärleri Gerasimowy rehimszilik bilen urup-ýençýärler.

“Open society justice initiative” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Jeýms Goldston Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 24 sagatlap tussaglykda saklanandan soň, polisiýanyň ýowuz daranlygy zerarly Gerasimowyň kellesine hem böwregine zeper ýetendigini gürrüň berdi. Şeýle hem, oňa garşy “Gury suwasty gämisi” diýlip atlandyrylýan gynamalaryň bir görnüşiniň hem ulanylandygyny ol söhbetdeşlikde belledi.

“Gerasimowyň elini daňyp, ony poluň üstünde ýüzün ýatyrypdyrlar. Polisiýa işgärleriniň biri dyzy bilen onuň oňurgasyna yzygiderli basyp durup, onuň kellesine-de plastiki halta geýdirip, ony dem alyp bilmez ýaly edipdirler. Gerasimowa howa ýetmän, ol demigip başlan halatynda bolsa, olar plastiki haltany çykarypdyrlar. Şeýdip hem, olar ony birnäçe gezek öldüm-öldüm derejesine ýetiripdirler” diýip, Jeýms Goldston Aleksandr Gerasimowyň başdan geçirenleri barada gürrüň berýär.

Gynamanyň agyr netijesi…

Bir günden soň Aleksandr Gerasimow hiç bir aýyplama bildirilmezden, azatlyga goýberilýär. Emma agyr gynamalar zerarly ol 13 günläp keselhanada ýatmaly bolýar. Şol wakadan üç ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, Gerasimow henize çenlem agyr psihologik stressden sagalyp bilmän gelýär.

Gerasimowyň meselesi boýunça düýbi Nýu-Ýorkdaky “Open society justice initiative” atly halkara guramasy Gazagystanyň adam hukuklary boýunça Býurosy bilen bilelikde BMG-de beýanat bilen çykyş etdiler.

Şol beýanatyň yzy bilenem, Gerasimowyň şikaýaty BMG-niň gynamalara garşy komitetine tabşyryldy.

“Open society justice initiative” atly halkara gurama Merkezi Aziýa regionynda birnäçe adam hukuklary boýunça garaşsyz guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip, polisiýa tarapyndan güýç ulanylmalar, adam kemsitmeleri, gynamalar bilen bagly ýagdaýlar barada faktlary ýygnaýar.

Guramanyň esasy maksady

Şeýle hyzmatdaşlygyň maksady bu ýurtlaryň öz içindäki kanunçylyk sistemasynyň ünsüni gynamalar we adamlara ýowuz daramak bilen bagly wakalara çekmekden ybarat. Şeýle jenaýatçylyga baş goşan organ işgärleri jogapkärçilige çekilmedik halatynda, bu gurama gynamalara sezewar bolan adamlaryň şikaýatlaryny halkara guramalaryna we sudlaryna ýetirmek ugrunda alada edýär.

Jeýms Goldstonyň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleriniň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanýandyklary bilen bagly ýagdaýlar hemme Merkezi Aziýa döwletlerinde köp duş gelýär.

“Gynamalaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň problemasydygy hiç kime täzelik däl. Biz şol gynamalaryň pidasy bolanlaryň şikaýatlaryna kanuny taýdan garalyp, olaryň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmäge synanyşýarys” diýip, jenap Goldston belledi.

Goldston Gazagystanyň raýaty Aleksandr Gerasimowyň işi boýunça şikaýata garalyp, onuň moral taýdan çeken ýitgileriniň öwezini dolmak üçin pul kompensasiýasynyň tölenjekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Gazagystanyň jogapkärçilikleri

Jeýms Goldstonyň pikiriçe, Gazagystandaky gynamalar bilen bagly jenaýat işleri halkara derejesinde jikme-jik seljerilen halatynda, bu ýagdaý sud sistemasy boýunça gazak häkimiýetlerine basyş görkezilmegine we reformalaryň geçirilmegine itergi bolup bilerdi.

Goldston bu çäreleriň öz gezeginde polisiýa tarapyndan sorag geçirilen halatynda adamlaryň gynalmagy ýaly Gazagystanda giňden ýaýran problemalaryň ýok edilmegine ýardam etjekdigini aýdýar.

“Open society justice initiative” atly halkara guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Goldston Gazagystanyň häžirki wagt Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk etmek bilen, bu ugurda öz üstüne möhüm borçnamalary alýandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG