Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde Amerika garşy meýiller güýçlendi


Gyrgyzystanda öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýet başyndan kowulmagyna getiren gykylyklar birneme ýatyşdy, emma Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdaky howa bazasy bilen bagly aladalar welin gitdigiçe artýar.

“Manas” harby-howa bazasy Owganystanda barýan amerikan harby operasiýalary üçin möhüm baglanyşyk nokady bolup durýar. Owganystana gidýän esgerler we enjamlaryň ählisi diýen ýaly şu bazanyň üstünden geçýär. Diňe mart aýynda 50 müň amerikan esgeri şu ýerden Owganystana aşdy.

“Manas” 2001-nji ýylda amerikanlara kireýine berlende gyrgyz hökümetine ýolbaşçylyk edýän Askar Akaýewdi. Ol korrupsiýada aýyplanyp, 2005-nji ýylda häkimiýetden agdaryldy. Ony agdaran adamyň özi hem bäş ýyl soňra şol aýyplamalar bilen häkimiýet başyndan kowuldy.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otynbaýewa Waşingtony Bakyýewi goldanlykda tankytlasa-da, amerikan goşunlarynyň ”Manasda” galmaly möhletiniň şu ýylyň iýul aýynda ýeme uzaltjakdygyny aýtdy. Bu amerikanlaryň edil Bakyýew ýaly gysga wagtda ýurtdan kowuljakdygyny aňlatmasa-da, häzirki gaýgy - ”Manasyň” oktýabrda geçmeli gyrgyz saýlawlaryndan söňky ykbaly barada.

Amerikanlaryň bähbidine däl

Bu barada amerikan Kongresinde öten hepde bir diňlenişik boldy. Muňa Orta Aziýa boýunça tanymal ekspertler hem gatnaşdylar. Olaryň aýtmagyna görä, Gyrgyzystandaky häzirki ýagdaý amerikanlaryň bähbidine däl. Munuň sebäbi olaryň iki parahor hökümeti goldanlygy.

Diňlenişikde Kongresiň deputatlarynyň soraglaryna jogap berenleriň biri Gyrgyzystan boýunça ekspert professor Eugene Husky boldy.

“Bizi bu ýere getiren zat - Birleşen Ştatlaryň bir diktatoryň göwnünden turmaga synanyşanlygy. Biz uruş döwründe kyn kararlaryň gerek bolýanlygyna düşünýäris. Ýöne Gyrgyzystanda öz esasy hukuklarymyzy saklap galmak üçin Bakyýewe beýle gujak germegiň geregi ýokdy” diýip, Husky belledi.

“Manas” we “parahorlyk”

Mesele “Manas” bilen bagly parahorluga gelende, Gyrgyzystanda köp adamlaryň “Manas” we “parahorlyk” düşünjesini berk baglanyşdyrýandyklary ýüze çykdy. Muny hem ilkinji bolup bellän Kongresiň komissiýasynyň başlygy Jon Tierneý boldy.

“Gyrgyzystanda käbir adamlar iki parahor we awtoritar režimiň Birleşen Ştatlar tarapyndan şeýle gyzgyn goldanmagyna sebäp bolan esasy zat strategik we logistik bähbitler diýip hasaplaýarlar. Birleşen Ştatlaryň niýeti näme bolan hem bolsa, häzirki fakt prezidentler Bakyýew bilen Akaýewiň zor bilen häkimiýet başyndan kowlanlygydyr. Bu yurduň halkynyň bolsa, Birleşen Ştatlar şol repressiw, çüýrük hökümetleri goldady diýip hasaplaýanlygydyr” diyip, Jon Tierneý öz çykyşynda belledi.

Jon Tierneýiň bu garaýşyny halkara transaksiýa meseleleri boýunça ekspert Skott Horton-da tassyklady.

“Bu rewolýusiýa, bir söz bilen aýtsaň, korrupsiýanyň garşysyna boldy. Meniň ol ýerde gürleşen syýasatçylarymyň hemmesi munuň bilen ylalaşýarlar. Rewolýusiýanyň ysysüre kanun häkimligi we aýanlyk hakda köp gürrüň edildi. Şonda amerikan raýaty hökmünde maňa ýygy-ýygydan berlen sorag: ‘Siziň kanun häkimligi we aýanlyk hakda berýän wadalaryňyza näme boldy?’ diýen sorag boldy. Olar maňa: ‘Haçan görseň, siziň gürrüňiňiz şol kanun häkimligi we aýanlyk hakda, ýöne muny biziň ýurdumyzda alyp baran işleriňizde görmedik’ diýdiler. Men muny aýtmaga utanýaryn, ýöne olaryň diýýäni dogry” diýip, Skott Horton nygtady.
XS
SM
MD
LG