Sepleriň elýeterliligi

24-nji aprelde Aşgabatda Yslam ösüş bankynyň düzümine girýän ýörite strukturalaryň prezentasiýasy geçirildi. Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda ýurduň Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygynyň derejesine oňyn baha berlip, onuň netijeli häsiýete eýedigi aýdylýar. Ýöne, eýsem, ol netijeler nämede duýulýar?

Yslam ösüş banky 1973-nji ýylda Yslam konferensiýasy guramasyna agza döwletleriň maliýe ministrleriniň birinji konferensiýasynda döredilipdi. Bankyň esasy maksady agza ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşine itergi bermekden ybarat. Türkmenistan 56 ýurdy öz içine alýan bu Yslam ösüş bankynyň agzasy bolup durýar.

Türkmen metbugatynda soňky ýyllarda alnyp barylýan bilelikdäki programmalaryň transport, saglygy saklaýyş, gurluşyk, bilim ýaly pudaklara we hususy pudagyň ösüşine gönükdirilenligi bellenilýär.

Serişdeleriň gönükdirilýän ugry

Beýleki tarapdan, kabir synçylar halkara maliýe strukturalarynyň, şol sanda, Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda alyp barýan programmalarynyň we berýän maliýe goldawynyň esasan iri proýektlere degişlidigini belleýärler.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Yslam ösüş bankynyň ýerine ýetiriji müdirleri Türkmenistana bir milliard dollar çemesi kredit bermek kararyna gelipdiler.

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda umumy bahasy 950 million dollarlyk maliýe goldawy bilen amala aşyryljak proýektleriň arasynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyna, demirýol transporty Ministrligine, awiatransport pudagyna we “Türkmenhowaýollary” döwlet konsernine degişli poýektleriň bardygy aýdyldy.

Emma şu ýylyň başynda Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda gol çekilen ylalaşyga görä, Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriljek iň iri proýekt Demirgazyk-Günorta halkara magistralynyň Türkmenistanyň içinden geçýän bölegi bolan Bereket-Etrek demirýolunyň gurluşygydyr. Bu proýekt üçin Yslam ösüş bankynyň berjek krediti 371 million 200 müň dollardan ybarat.

Näme böwet bolýar?

Orsýetiň Ýokary ykdysadyýet boýunça Döwlet uniwersitetiniň eksperti Andreý Suzdaltsew daşary ýurt banklary tarapyndan berilýän maliýe goldawlarynyň ilkinji nobatda ýurtalaryň sosial taýdan ösüşine gönükdirilýänligini, halkara maliýe goldawynyň netijeliliginiň bolsa ýurtlaryň hökümetleriniň syýasatyna baglydygyny belledi.

Ekspertiň sözlerine görä, Merkezi Aziýa döwletlerindäki korrupsiýa halkara maliýe goldawynyň netijeliliginiň öňüne böwet bolýar.

Andreý Suzdaltsew awtoritar döwletlerde ýurda gelýän ähli maliýe serişdeleriniň doly döwlet ýolbaşçylarynyň elinde bolup, diňe olaryň islegine görä sowulýandygyny we munuň uly problema bolup durýandygyny belledi.

Türkmenitanly synçy Amanmyrat Bugaýew sosial pudagyň ösüşine ýardam berip biljek proýektlere halkara guramalar tarapyndan maliýe we syýasy goldawyň berilmeginiň ähmiýetini nygtap, ýurduň diňe bir sosial-ykdysady ösüşiniň däl, eýse syýasy ösüşiniň-de şeýle goldawa garaşlydygyny aýdýar.

“Hususy eýeçilige geçilmese we döwlet býujeti raýatlaryň salgydyndan gelýän girdejilerden düzülmese, Türkmenistanda demokratik özgerişlere-de garaşyp bolmaz” diýip, A.Bugaýew belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG