Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gaztransport sistemasy boýunça Simpozium geçirilýär


ABŞ-nyň energetika Ministrligi, tebigaty goramak boýunça agentligi hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 26-29-njy aprel aralygynda Aşgabatda gaztransport sistemasyny dolandyrmak boýunça Simpozium geçirýär.

Bu forum gaz sistemasynyň işi hem ony dolandyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyny maslahatlaşmak üçin tejribeli spesialistleri, tehniki ekspertleri we türkmen hökümetiniň wekillerini ýygnar.

Dört günlük Simpoziumda gaztransport sistemasyny ykdysady taýdan netijeli ulanmak hem dolandyrmak boýunça günbatarly operatorlaryň ulanýan tehniki usullary we prosesleri maslahatlaşylar. Oňa dünýä belli amerikan kompaniýalarynyň ýekspertleri hem gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG