Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda ozalky ministriň azat edilmegine çagyryş edildi


Şu gün Gyrgyzystanda ozalky içeri işler ministri Moldomus Kongantiýewi tussaglykdan azat etmek talapy bilen aksiýalar geçirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Bişkekden berýän habaryna görä, gyrgyz paýtagtynda Kongantiýewiň tarapdarlaryndan iki ýüz çemesi adam miting geçiripdir. Ýene bäş ýüz töweregi adam Bişkek-Oş ýoluny baglapdyr.

Şol bir wagtda ýurduň paýtagty Bişkekde onlarça adam öňki çinownigiň garşysyna jenaýat işini gozgamagy talap ýedip, aksiýa geçirdi.

Apreliň başyndaky wakalardan soň ýitirim bolan Moldomus Kongantiýewiň Moskwada saklanyp, ýakynda Bişkekdäki derňew izolýatoryna eltilendigi öň habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG