Sepleriň elýeterliligi

Çernobl betbagtçylygyna 22 ýyl boldy


Ukrainanyň Çernobl Atom elektrik stansiýasynynda bolan betbagtçylygyň nobatdaky ýyl dönümi bilen baglanyşykly şu gün Moskwanyň Mitino gonamçylygynda hatyra çäresi geçirildi.

Bu betbagtçylygyň zyýanlarany ýok etmäge Orsetden, çak bilen, 250 müň adam gatnaşypdy. Şolardan 30 müň töweregi öldi.

“Çernobl-Orsýet soýuzy” guramasynyň başlygy Wýaçeslaw Grişiniň sözlerine görä, şol betbagtçylyk sebäpli maýyp bolanlara, zäherlenen territoriýalarda ýaşaýanlara döwlet gerekli kömegi bermeýär.

“Ukrainada şol betbagtçylykdan häzirem 2 milliondan gowrak adam ejir çekýär. Şolaryň dörtden biri çagalar” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç halka ýüzlenmesinde aýtdy.

1988-nji ýylyň 26-njy aprelinde Çernobl Atom elektrik stansiýasynda bolan partlamanyň netijesinde Yewropanyň 10-dan gowrak ýurdunda 145 müň kwadrat kilometr territoriýa radiasiýa zäherlenmesine duçar bolupdy.
XS
SM
MD
LG