Sepleriň elýeterliligi

Ruhanylar Bakuwda parahatçylyga çagyryş etdiler


Düýn Azerbaýjanyň we Ermenistanyň dini liderleri Bakuwda duşuşup, Daglyk-Garabag konfliktine parahatçylykly çözgüt tapmaga çagyrdylar. Bu çagyryş Ermenistanyň Apostol ybadathanasynyň başlygy Katolikos Garegin 2-njiniň Azerbaýjana edýän ilkinji sapary mahalynda edildi.

Katolikos Garegin 2-nji Bakuwa Bütindünýä dini forumyna gatnaşmaga bardy. Bu foruma dünýäniň 200 çemesi dini lideri ýygnandy.

Ozal azeri territoriýasy bolan Daglyk-Garabag Azerbaýjan bilen bolan we 1994-nji ýylda togtadylan uruşdan bäri ermeni güýçleriniň kontrollygynda saklanýar.
XS
SM
MD
LG