Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Manuel Norigany Fransiýa ekstradisiýa edýär


Düýn Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton Panamanyň öňki lideri Manuel Noriganyň Fransiýa berilmegi baradaky buýruga gol çekdi.

Noriga Birleşen Ştatlarda neşe gaçakçylygy üçin 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Fransuz sudy bolsa, Manuel Norigany 1999-njy ýylda gaýybana sud edip, bikanun pullary kanunlaşdyranlygy üçin 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Emma fransuz häkimiýetleri indi onuň täzeden sud ediljegini aýdýarlar. Panama hem Noriganyň öz ýurduna gaýtarylyp berilmegini soraýar.

Manuel Noriga 1983-1998-nji ýyllarda Panamanyň häkiýmiet başynda bolan wagtynda öz syýasy garşydaşlaryny öldürmekde günälenýär.

Birleşen Ştatlaryň harbylary 1989-njy ýylda halkara derejesinde neşe gaçakçylygyny edýän Manuel Norigany tutmak üçin Panama girdiler. Ol üç ýyl soňra sud edildi.
XS
SM
MD
LG