Sepleriň elýeterliligi

Ýaroslaw Kaçinksiý polýak prezidentligine dalaş eder


Polşanyň ýakynda aradan çykan prezidenti Leh Kaçinskiniň ekiztaýy Ýaroslaw Kaçinskiý düýn prezidentlige dalaş etäkdigini aýtdy.

Ýaroslaw Kaçinskiý geljekki saýlawlarda sagçy «Kanun we adalat» partiýasyndan kandidat hökmünde dalaş eder.

Onuň öz bu karary barada şu gün giçlik beýanat bilen çykyş etmegine garaşylýar.

Şu geljek tomus Polşada möhletinden öň geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Polşanyň häzirki dolandyryjy Graždan Platformasyndan kandidat Bronislaw Komarowskiniň ýeňiş gazanmagy mümkin diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG