Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň sudy «namys» gyrgyny üçin 7 adamy sud etdi


Düýn Türkiýäniň sudy günorta-gündogar Türkiýede oba adamlarynyň 44-siniň ölümine getiren «namys ölümi» diýilýän gyrgynçylyga gatnaşygy üçin 7 adamy ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

2009-njy ýylyň maýynda Mardin şäheriniň 20 kilometr uzaklygyndaky Bilge obasynda el pulemýoty bilen ýaraglanan adamlar toý märekesini oka tutupdy.

Şonda habar serişdeleri hüjümçiler bilen öýlenýän ýigidiň maşgalasynyň arasynda 10 ýyldan gowrak wagt dowam eden dawalaryň onlarça adamyň başyna ýetendigini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG