Sepleriň elýeterliligi

Bakuwda dünýäniň dini liderleri jemlendi


Ermenistanyň dini delegasiýasy Bakuwda. 26-njy aprel, 2010.

Ermenistanyň dini delegasiýasy Bakuwda. 26-njy aprel, 2010.

Ermenistanyň Apostol ybadathanasynyň başlygy dini ýolbaşçylaryň Bakuwda geçýän sammitine gatnaşmak üçin düýn Azerbaýjana bardy. Bu sammite tutuş dünýäden 200 töweregi dini ýolbaşçy gatnaşýar.

Ermenistanyň Apostol ybadathanasynyň başlygy Katolikos Garegin 2-njini sammite çagyran Azerbaýjanyň şaýy musulmanlarynyň ýolbaşçysy Şeýh ul-Islam Allahşükür Paşazade. Düýn Katolikos Garegin 2-nji hem öz gezeginde Paşazadäni Ermenistana çagyrdy.

Ermeni patriarhy duşuşyk barada beren beýanatynda Daglyk-Garabag barada Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýer dawasyny göni agzap, dini häkimiýetleri dünýädäki konfliktleriň çözgüdine kömek etmeklige çagyrdy.

“Biz bu problema parahatçylykly çözgüt tapmak baradaky tagallalarymyzy dowam etdirmeli. Problemalar halkara kanunlaryna we milletleriň hukuklaryna laýyk çözülmeli. Ermeni patriarhy hökmünde men Kawkaz musulmanlarynyň ýolbaşçysy Şeýh ul-Islam Allahşükür Paşazade bilen alyp barýan tagallalarymyzy dowam etdirmek gaty möhüm diýip hasap edýärin. Biz bu problemanyň çözgüdini tapmak üçin aladamyzy dowam etdirmeli. Bu biziň borjumyz” diýip, Katolikos Garegin 2-nji nygtady.

Daglyk-Garabag henizem böwet döredýär

Daglyk-Garabag bilen onuň töweregindäki etraplar 1994-nji ýylda soňlanan Ermenistan-Azerbaýjan urşundan bäri ermeni güýçleriniň kontrollygynda saklanýar.

Türkiýe Ermenistany bu konflikti oňyn ýollar bilen çözmäge çagyryp gelýär. Geçen ylylyň oktýabrynda bu iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, türk-ermeni serhetlerini açmak barada ylalaşyldy.

Emma hökümetleriň arasynda gol çekilen bu ylalaşyk bu iki ýurduň parlamentleri tarapyndan henizem tassyklananok.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Türkiýäniň Ermenistan bilen özara gepleşiklerinde Daglyk-Garabag meselesi bagly porblemalaryň çözgüdini hem şert edip goýýandygyny aýdyp, muňa nägilelik bildirdi. Ol 22-nji aprelde eden çykyşynda: “Daglyk-Garabag konflikti bu yalalaşyga bagly däl” diýip, ylalaşygy parlamentde ratifisirlemek prosesini togtatdy.

Düýn Azerbaýjanyň şaýy musulmanlarynyň ýolbaşçysy Şeýh ul-Islam Allahşükür Paşazade: “Biz Ermenistan bilen bolan konflikti çözmek barada tagalla edýäris. Biz ermeni katolikosy bilen ençeme gezek duşuşdyk. Men ermeni katolikosynyň bu çakylygy kabul edip, bu sammite gelmegine gaty möhüm ädim hökmünde garaýaryn” diýip, nygtady.

Baku sammitine 30-dan gowrak ýurtdan dini ýolbaşçylar gatnaşaýar. Olar globallaşmak, konfliktleri çözmek, şeýle hem diniň jemgyýetçilik durmuşynda oýnaýan roly hakda pikir alyşmakçy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew özüniň Bakuwyň dinler arasyndaky dialog merkezine öwrülmegini umyt edýänligini aýtdy: “Azerbaýjan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda tebigy köpri bolup durýar. Dürli dinlere we milletlere degişli adamlar asyrlar boýy şu ýerde bile ýaşaşyp geldiler”.

“Men Azerbaýjanyň bir gün Ýewropanyň medeni merkezi diýlip saýlanmagyny umyt edýärin. Bu Azerbaýjanyň dünýäniň hristianlary bilen musulmanlarynyň arasyndaky baglanyşygyň ösmegine goşant goşmagyna uly mümkinçilik bolardy”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG