Sepleriň elýeterliligi

Ýeňiş baýramynyň toýlanmagyna sanlyja gün galdy. Soňky hökümet maslahatynda prezident ýeňşiň ýubileý senesiniň öz ähmiýetine mynasyp, iň ýokary derejede geçirilmegini berk talap etdi. Ýöne ýurtda köpler Gurbanguly Berdimuhamedowdan başga bir beýanata garaşýarlar.

Juda ynjyk hem şol bir wagtda-da sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ol karar barada entek häkimiýetlerden şu wagta çenli hiç hili habar eşidilenok.

Bu ýerde gürrüň giň, köp tussagy öz içine aljak amnistiýa, ýagny, günä geçiş barada barýar. Ol häkimiýetleriň her ýyl yglan edýän adaty amnistiýasy ýaly bolmaz diýip, köpçülik garaşýar.

Köp synçylaryň pikiriçe, öňki yglan edilen günä geçişler ynsanperwerlik däl-de, mejbury aktlardy. Çünki olar türkmen türmelerinde täze tussaglara ýer boşatmak üçin geçirilýärdi. Şol sebäpdenem, yzygiderli geçirilýän amnistiýalar soňky döwürde ullakan bir gowur turuzup hem baranok.

Başga hili günä geçişe garaşýarlar

Ýöne bu gezekki Ýeňiş gününe gabatlap, adamlar düýbünden başga hili günä geçişe garaşýarlar. Ony eýýäm halk “Altyn amnistiýa “ diýip hem atlandyrypdyr.

Bölek-büçek gowuşýan maglumatlara görä, eýýäm birnäçe aý bäri il içinde indiki bolmaly aksiýa maslahat edilýär. Il içinde “Altyn amnistiýa” syýasy tussaglary-da öz içine alar diýen tamalar bar. Ol ozaly bilen S.Nyýazowyň garşysyna dildüwşük gurnady diýlen iş boýunça köpçülikleýin tussag edilen hem uzak wagtlyk türmä basylan adamlar bilen bagly.

Oppozisiýa wekilleriniň belli bir böleginiň tassyklamagyna görä, Nyýazow ýörite gulluklaryň kömegi bilen, hamana, özüne garşy hüjümi taslapdyr we amala aşyrypdyr. Şol oýun hem häkimiýetlere oppozisiýa paýhynlaýjy zarba urmak üçin mümkinçilik döredipdir. Netijede ýurtdaky ähli oppozision hereketler iş ýüzünde ýoga çykarylypdyr. Şol gürrüňlere görä, ýörite gulluklar bu operasiýany Türkmenbaşynyň hut öz buýrugy esasynda rehimsizlik bilen üstünlikli ýerine ýetiripdirler.

“Dildüwşügiň” bahasy aşa gymmat bolup çykdy. 2002-2003-nji ýyllarda müňlerçe oppozisiýa aktiwistleri, olaryň dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary demir gözenegiň aňyrsyna atyldy. Olaryň köpüsiniň ykbaly henize-bu güne çenli-de belli däl.

Myş-myşa öwrülen umytlar

Nyýazowyň tarpa-taýyn ölmegi, Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen jemgyýetde Nyýazowyň sudlary tarapyndan derňelip, höküm çykarylan hem agyr şertlerde ýesirlik hupbatyny başdan geçirýän adamlaryň ykbalyna ýaňadan serediler diýen umytlar peýda bolupdy.

Ondan bäri häkimiýetler köp gezek günä geçiş yglan etdi. Neşebentler, huliganlar, ogrular, ownuk kezzaplar tapgyrlaýyn azatlyga goýberildiler. Emma welin, günäsi geçilýänleriň sanawynda syýasy tussaglaryň ady peýda bolubermeýär.

Ine-de, geçen ýylyň güýzünde türmeleriň içinde-de, daşarky azat dünýäde-de “Ýeňiş baýramyna gabatlap, häkimiýetler aýratyn bir amnistiýa geçirjekmişler” diýen gürrüň ýaýrady we ol şondan bäri-de dilden düşmän gelýär. Il içine ýaýran bu gürrüň häkimiýet töwereklerinden çykdy diýlip hasap edilýär.

Bu umyt prezidentiň özi tarapyndan edilen çynlakaý çagyryşlaryň birnäçesinde ençeme gezek pugtalandyryldy. Ol birdenkä oppozisiýa wekillerine öz partiýalaryny döretmäge rugsat beriljekdigini aýtdy. Birdenem, ol ýurduň türmelerini we lagerlerini liberallaşdyrmaga, açyklaşdyrmaga çagyrdy. Bu çykyşlar “Altyn amnistiýa” baradaky umytlary has hem artdyrdy, adamlar indi ony hamana häkimiýetleriň eýýäm kesgitli kabul eden karary däldir öýdenoklar.

Ýeňiş baýramy ýetip gelýär, ýöne häkimiýetlerden günä geçiş barada, altyn-a däl, mis amnistiýa barasynda-da hiç hili habar ýok.

Häkimiýetiň hemişelik ýapyk gapylarynyň aňyrsynda nämeler bolup geçýär? Oppozisiýa wekillerini türmelerden çykaryp başlamak planlary aslyýetinde bar zatmyka? Eger hakykatdan-da şol plan bar bolsa, häkimiýetler näme üçin dymýarlar?

Häkimiýetiň öz içinde bu ideýanyň tarapdarlaryna garşy durýan we sözi daş ýarýan, güýçli garşydaşlarynyň bar bolmagy mümkin. Belki-de olar her edip-hesip edip, Ýeňiş baýramyny bulaşdyrmak isleýändirler.

Elbetde, islendik gün, islendik sagatda amnistiýanyň yglan edilmegi mümkin. Ýöne ol taryhy günä geçiş bolarmyka?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG