Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň floty Ukrainada ýene dawa döredýär


Şu gün Ukrainanyň parlamentinde dowul emele geldi. Muňa Orsýetiň harby flotuny 2042-nji ýyla çenli Ukrainada galdyrmak meselesi barada parlamentde geçirilen ses berişlik sebäp boldy.

Parlamentde geçirilen ses berişligiň netijelerini yglan edýän wagty oppozision deputatlar parlamentiň başlygy Wolodymyr Litwini ýumurtga bilen keseklediler we Litwin hüjümden saýawan bilen goranmaga mejbur boldy.

Parlamentiň jaýynda tüsse ýaýradýan şarlaryň atylandygy üçin jaýa tüsse ýaýrady we gorag signallary işledi. Yöne bu dowla garamazdan, prezident Wiktor Ýanukowiçiň koalisiýasyna girýän deputatlar Orsýetiň Gara deňiz flotunyň Krymda galmagynyň möhletini ýene-de 25 ýyl uzaltdylar.

Parlamentiň başlygy Litwiniň bu ylalaşygyň tassyklanandygyny yglan etmegini parlament köpçüligini emele getirýän deputatlar ör turup, şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar. “Bu ylalaşygy 236 deputat goldady we ol tassyklandy. Üns beriň, 236 ses we bu karar tassyklandy” diýip, Litwin nygtady.

Orsýetiň Dumasy hem tassyklady

Mundan bir sagat soňra Orsýetiň Döwlet Dumasynda hem şol ylalaşyk tassyklandy. Şu gün Norwegiýa sapar edýän Orsýetiň prezidenti Medwedew bu ylalaşygyň tassyklanmagyna örän şatdygyny we onuň pähim-paýhasyň dabaralanýandygyny görkezendigini aýtdy.

Şu gün ukrain oppozisiýasynyň müňlerçe tarapdarlary parlamentiň jaýynyň öňünde ýygnandylar. Olar prezidentler Ýanukowiçiň we Medwedewiň 21-nji aprelde gol goýan ylalaşygyny tankytladylar.

Günbataryň tarapdary bolan öňki prezident Ýuşenkonyň we öňki premýer-ministr Timoşenkonyň ýolbaşçylygyndaky tankytçylar Ukrainanyň territoriýasyndaky Orsýetiň harby bazasyny duşman tarapyňky diýip hasaplaýarlar. Olar şol ýeriň häzirki kärendelik möhleti tamamlanansoň, 2017-nji ýylda rus deňizçileriniň Ukrainadan çykmagyny talap edýärler.

“Gara sahypanyň ýapyljak güni”

Ýuliýa Timoşenko Krymdaky rus harby bazasynyň ýapyljak gününiň “Ukrainanyň taryhyndaky gara sahypanyň ýapyljak güni bolmagynyň mümkindigini” aýtdy.

Ýuliýa Timoşenko şu gün protest wagtynda eden çykyşynda wagtyndan öň täzeden prezident saýlawlaryny geçirmeklige ýa-da Ýanukowiçi häkimiýetden çetleşdirmek üçin 11-nji maýda parlamentiň jaýynyň öňünde köpçülikleýin protest çäresini geçirmeklige çagyryş etdi. Timoşenko ýurduň raýatlaryny parlamentde, uniwersitetlerde we jemgyýetçilik ýerlerinde Ukrainany halas etmek boýunça ýörite komitetleri döretmäge hem çagyrdy.

Moskwa öz deňizçileriniň Ukrainada galmagyna rugsat berendigi üçin Ukraina satýan gazynyň nyrhyny 30 prosent arzanlatmaga söz berdi. Şu gün prezident Ýanukowiçiň tarapdarlary hem şol ylalaşygy goldap, Kiýewde yöriş geçirdiler.

Orsýetiň premýer-ministri Putin öten agşam Kiýewe baranda, bu ylalaşyga garşylygyň bolandygyna haýran galandygyny aýtdy.

Orsýetiň Gara deňiz floty 18-nji asyrdan bäri Krymda ýerleşýär. Emma Ukraina milli garaşsyzlygyny alansoň, Moskwa bu flotuny 2017-nji ýylda Ukrainanyň territorial suwlaryndan çykarmak barada ozal resmi ylalaşyga gol goýupdy.
XS
SM
MD
LG