Sepleriň elýeterliligi

Şu günler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda neşä garşy göreş temasyndan maslahatlar hem duşuşyklar geçirilýär. Bu kampaniýa bilen baglanyşykly türkmen telewideniýesinde neşe önümçiligine baş goşan adamlaryň ökünçli çykyşlary hem görkezilýär.

Türkmenistanda şu günler ýurduň kanuny goraýjy organlary we Neşä garşy döwlet gullugynyň işgärleri tarapyndan Garagumda, ýagny, Derweze, Bokurdak, Böri, Ataguýy we Ýerbent ýaly az ilatly ýerlerde tebigy şertlerde ösýan we emeli ýagdaýda ýetişdirilýän neşe ösümliklerini tapyp, olary ýok etmek boýunça “Göknar-2010” ady bilen giň gerimli aksiýanyň geçirilýändigi ýurduň habar serişdelerinde habar berilýär.

BMG-niň resmi hasabatlaryna görä, dünýädäki neşe maddalarynyň 90 %-den gowragy Owganystanda öndürilýär. Emma bilermenler soňky ýyllarda Owganystan bilen serhetdeş Merkezi Aziýa döwletleriniň özlerinde-de neşe önümçiliginiň artmagy bilen baglanyşykly howply tendensiýalaryň döränligini belleýärler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Merkezi Aziýa regionynyň territoriýasynda geroin öndürmek boýunça Owganystandaky ýaly laboratoriýalaryň işleýänligi barada maglumatlar bar. Bu bolsa regionyň neşe gaçakçylaryna neşäni Owganystandan getirmän, öz ýurtlaryndan almaga mümkinçilik berýär”.

Neşe problemasynyň gerimi nähili?

Neşe problemasynyň Türkmenistandaky geriminiň anyk däldigini synçylar belleýärler. Ýurduň bu ugurdaky statistiki maglumatlary köpçülik üçin elýeterli däl.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa islendik problemany çözmek üçin ilkinji nobatda onuň möçberine takyk göz ýetirmegiň zerurdygyny belleýär.

Türkmen metbugaty häzirki wagtda amala aşyrylýan çäreler neşe belasyna garşy göreşde Türkmenistanyň elinden gelenini etmäge taýýardygyny görkezýär diýip ýazýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda neşe maddalaryny we neşe söwdagärlerini
ele salmak boýunça görülýän çäreleriň netijesinde hakykatdanam ýurtda neşe söwdasynyň belli bir derejede çäklenendigini ýurduň daşynda hereket edýän hökümete degişli bolmadyk guramalar hem belleýärler.

Problemanyň sosial kökleri

Ýöne “Türkmen inisiatiwasy” guramasy Türkmenistanda neşekeşleriň kadaly durmuşa dolanmak meselesiniň uly problema bolup galýanlygyny belleýär.

Bu guramanyň türkmenistanly lukmanlara salgylanyp aýtmagyna görä, neşekeşleri bejermek, olaryň aýaga galyp, kadaly durmuşa dolanmaklaryna goldaw bermek boýunça ýurduň şu günki sistemasy döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Hususan-da, bu guramanyň tassyklamagyna görä, neşe dispanserlerindäki we zähmet-düzediş lagerlerindäki şertler berk režimli türmelerden ýüz esse ýaramaz.

“Türkmen insiatiwasynyň” müdiri Farid Tuhbatullin Türkmenistanda neşekeşler babatynda zerur profilaktiki çäreleriň we neşe söwdegärlerine garşy göreşiň degerli derejede alnyp barylmaýanlygyny belledi.

Neşekeşligiň esasynda sosial kynçylyklaryň ýatanlygy öňden belli. Farid Tuhbatullin işsizligiň we ýaşlaryň bilim almaga mümkinçilikleriniň çäkliliginiň adamlaryň neşekeşlik we neşe söwdasy ýaly ýaramaz işlere baş goşmagyna hem sebäp bolýanlygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG