Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hemmämize taryhdan mälim bolşy ýaly, 1886-njy ýylyň 1-nji maýynda amerikan işçileri sekiz sagatlyk iş gününi talap edip, iş taşlaýyş yglan edipdiler. Soňy demonstrasiýa ýazan iş taşlaýyş polisiýa bilen çaknyşylmagyň netijesinde gan döküşiklik bilen tamamlanypdy.

1889-njy ýylyň iýulynda ikinji Internasionalyň Pariž kongresi Çikagonyň işçileriniň çykyşynyň hormatyna her ýylyň 1-nji maýynda demonstrasiýalar geçirmek barada karar kabul edipdi. Zähmetkeşleriň Halkara raýdaşlyk güni ilkinji sapar 1890-njy ýylda Awstro-Wengriýada, Belgiýada, Germaniýada, Daniýada, Ispaniýada, Italiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Norwegiýada, Fransiýada, Şwesiýada we ençeme beýleki ýurtlarda geçirilipdi.

1-nji maý uzak wagtlaryň dowamynda barlyşyksyz synpy göreş ugrundaky rewolýusiýanyň simwoly bolup geldi. «Bu baýramçylyk dünýäniň 66 ýurdunda bellenip geçilýär» diýlip, 1-nji Maý hakdaky maglumatlarda aýdylýar.

Indi Bitarap döwlet

1-nji maý öňki Sowet soýuzynyň düzümindäki ähli respublikalarda, şol sanda Türkmenistanda-da bellenilýärdi. Sowet soýuzy ýykylandan soň bu baýramçylygy bellemegi Türkmenistan bes etdi. Häzir bu baýramçylyk Türkmenistanda bellenilmeýär. Sebäbi Türkmenistan indi Bitarap döwlet. Ol hiç kimiň içki işine goşulmaýar, öz içki işine-de hiç kimi goşmaýar. Islendik ýurtdaky öň bolan wakalar hem, soň bolýan wakalar hem Türkmenistany gyzyklandyrmaýar.

Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolaly bäri dünýäniň gyzgyn künjeklerinde nähili wakalar bolup geçdi. Yrakdaky, Öňki Ýugoslawiýadaky, Çeçenistandaky, Gyrgyzystandaky wakalar, şeýle hem dünýäniň başga döwletlerinde bolup geçýän nägilelik demonstrasiýalary, halk bilen häkimiýetleriň arasyndaky çaknyşyklar… türkmenleri gyzyklandyrmaýar. Dogrusyny aýtsaň, halkyň esasy bölegi ol wakalar barada habar hem bilmeýärler. Sebäbi türkmen halkyna dünýäniň gyzgyn nokatlaryndaky wakalar ýetirilmeýär. Köçä çykylyp, raýdaşlyk bildirilmese-de, media boýunça Türkmenistan dünýä wakalaryna seslense ýagşy. Bitaraplygyň saýasyna bukulyp, dünýädäki şuňa meňzeş ençeme wakalara göz ýummak örän gelşiksiz ýagdaý. Şeýle wakalar hakda halkyň sesinem dünýä eşitdirmeli, hökümetiň öz pikirem aýdylmaly. Ýöne, ýerden ses çykýar, Türkmenistandan welin raýdaşlyk hakda ýeke sözem eşidilenok.

Bize raýdaşlyk bildirýän gerek

Dogrusyny aýtsaň-a, indi türkmenleriň özüne raýdaşlyk bildirýän gerek. Olaryň özi halky dürli meselelerde nägile edýän hökümet bilen häli-şindi çaknyşyp durlar. 1995-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky demonstrasiýaçylar raýdaşlyk bildirilmeli adamlardy. Indi türkmenleriň özleri sekiz sagatlyk iş gününi talap etmeg-ä beýlede dursun, eýsem ýeke sagatlyk iş hem tapanoklar, ýöne olar heniz köçä çykyp, öz ýagdaýlaryny hökümete ýetirmäge ýagdaý tapanoklar. Bu zatlar hakda hatda türkmen mediasy hem “garamaýak” halkyna raýdaşlyk bildirip bilmeýär. Şeýle ýagdaýda türkmenler nädip dünýä halklaryna raýdaşlyk bildirsinler.

Raýdaşlyk ýaly hereketlere goşulmak üçin ýurtda köp partiýalylyk, demokratiýa, jemgyýetçilik guramalarynyň köplügi gerek. Ol zatlar heniz Türkmenistanda ýok. Şolardan biri halka ýol görkezmese, çagasyna çörek puly gazanmak üçin daň atandan gün batýança tasap geçýän sada halk raýdaşlyk hereketine goşulmagy bilmeýär. Onuň öz güni gaýgy. Başga kişilere raýdaşlyk bildirmäge halkyň wagty-da ýok, ýagdaýy-da.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG