Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da respublikançylar täze kanuny proýekti böwetlediler


Öten agşam Birleşen Ştatlaryň Respublikan partiýasynyň senatorlary maliýe sistemasyny düzgünleşdirmek baradaky kanunyň proýektine garşy ses berip, onuň kabul edilmegine ýol bermediler.

Prezident Barak Obama tarapyndan goldanýan bu dokument soňky 60 ýyl bäri işläp gelýän maliýe bazarlar sistemasyna düýpli uýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutýar.

Respublikançylar bu göz öňünde tutulýan reformanyň ýeterlik derejede oýlanyşykly däldigini aýdýarlar. Demokratlar öz gezeginde respublikançylary maliýe bazarlaryndaky öz şahsy bähbitlerini goramak meýillerinde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG