Sepleriň elýeterliligi

Saýlawlardan soň Yrakda ýagdaý has-da dartgynlaşdy


7-nji martda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň Yrakda emele gelen ýagdaýa adam hukuklaryny goraýjylar alada bildirýärler.

Amnesty International guramasy ses berişlikden soň onuň netijeleri bilen bagly dürli syýasy güýçleriň arasynda dörän garşydurmalar ýurtda güýç ulanmalaryň hem parahat ilatdan adam pidalarynyň artmagyna getirendigini belleýär.

“Diňe apreliň birinji hepdesinde terror hüjümleriniň netijesindje 100-den gowrak yrakly öldi” diýip, bu gurama nygtaýar.

Düýn milli saýlaw komissiýasy 52 kandidatyň peýdasyna oklanan býulletenleri güýçsüz diýip yglan etdi. Saýlaw komissiýasy bu kandidatlary gadagan edilen “Baas” partiýasy bilen baglanyşdyrýar.
XS
SM
MD
LG