Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kurmanbek Bakyýewe gaýybana günä bildirildi


Şu gün Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti häkimiýetden çetleşdirilen Kurmanbek Bakyýewe köpçülikleýin adam öldürmekde gaýybana günä bildirdi.

Bişkekde bolan metbugat konferensiýasynda wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Azymbek Beknazarow Bakyýew bilen bagly jenaýat-derňew işleriniň barşynda oňa başga-da günäleriň, şol sanda, gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak günäsiniň-de bildirilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Düýn wagtlaýyn hökümet öňki döwlet baştutanynyň eldegrilmesizlik statusyny aýyrmak barada karar kabul etdi.

Azymbek Beknazarow ýakyn günlerde Bakyýewiň Gyrgyzystana ugradylmagyny talap edýän dokumentiň Belarusyň häkimiýetlerine ugradyljakdygyny aýtdy.

Kurmanbek Bakyýew öz maşgalasy bilen häzir Belarusyň paýtagty Minskde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG