Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABS-nyň senatory rus resmilerini ýazgarýar


Senator Benýamin Kardin moskwaly adwokat Sergeý Magnitskiniň ölüminde rus resmileriniň elleriniň bardygyny aýdýar.
Senator Benýamin Kardin moskwaly adwokat Sergeý Magnitskiniň ölüminde rus resmileriniň elleriniň bardygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Merilend ştatyndan tanymal demokrat senator Benýamin Kardin Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Orsýetiň 60 töweregi resmisine garşy hemişelik wiza gadagançylygyny girizmelidigini aýdyp, muňa aýak direýär. Senator Benýamin Kardin bu gürrüňi edilýän resmileriň korrupsiýada we moskwaly adwokat Sergeý Magnitskiniň ölüminde elleriniň bardygyny aýdýar.

Adwokat Sergeý Magnitskiý 230 million dollarlyk salgyt galplyklaryny öz içine alýan jenaýatçylygyň üstüni açypdy. Magnitskiniň bu iş bilen baglanyşykly Orsýetiň Içeri işler ministrligine, Federal salgyt gullugyna, Federal howpsüzlyk gullugyna hem-de Baş prokuraturasyna garşy beren görkezmeleriniň yzy bilen, ol tussag astyna alnypdy.

Orsýetiň tussaghanalaryndaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän garaşsyz komissiýa Sergeý Magnitskini öz arz-şikaýatlaryny we görkezmelerini yzyna almaga mejbur etdirmek üçin oňa tussaghanada uly basyşlaryň görkezilendigini, onuň gynamalara sezewar edilendigini we, ahyrky netijede-de, medisina kömegini bermän, onuň ölüm ýagdaýyna ýetirilendigini aýdýar.

Sergeý Magnitskiý geçen ýylyň noýabrynda tussaghanada aradan çykdy.

Senatory alada goýýan ýagdaý

Benýamin Kardin
Birleşen Ştatlaryň Helsinki Komissiýasyna ýolbaşçylyk edýän senator Benýamin Kardin Sergeý Magnitskiý tarapyndan ýüze çykarylan şol korrupsiýa dahylly hem-de Magnitskiniň ölümine getiren wakalara dahylly adamlara hemişelik wiza gadagançylygyny girizmek haýyşy bilen düýn Döwlet sekretary Hillari Klintona ýörite resmi hat gönderdi.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda senator Benýamin Kardin özüniň bu ugurdaky aladasynyň sebäbini gysgaça şeýle düşündirdi: «Munuň özi ynsan hukuklarynyň bozulmagy we göze dürtülip duran korrupsiýa bilen baglanyşykly örän uly mesele bolup durýar. Adwokat Magnitskiniň sud edilmezden şeýle köp wagtlap tussaghanada saklanmagy we onuň gynamalara sezewar edilmegi ynsan hukuklarynyň örän çynlakaý ýagdaýda bozulmagydyr. Meniň pikirimçe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary biziň bular ýaly ýagdaýlar bilen ylalaşyp bilmejekdigimizi halkara jemgyýetçiligine anyk mälim etmelidir».

Geçen ýylyň iýul aýynda Birleşen Ştatlaryň Helkinki Komissiýasynda geçirilen diňlenişikde Orsýetde iş alyp barýan «Hermitage capital» atly maliýe kompaniýasynyň eýrine ýetiriji direktory Bill Browder Sergeý Magnitskiniň üstüni açan jenaýatçylyklary barada bu Komissiýanyň agzalarynyň öňünde jikme-jik maglumatlar bilen çykyş edipdi.

Bill Browder öz çykyşynda Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň käbir resmileriniň, şol sanda, bu ministrligiň bölüm ýolbaşçysynyň orunbasary Artýom Kuznesowyň we prokuraturanyň sülçüsi Pawel Karpowyň 230 million dollarlyk galp salgyt pullaryny kanunlaşdyrmakda jenaýatçy bir topara ýakyndan goldaw berendiklerini we bu baradaky faktlary bolsa Sergeý Magnitskiniň aýan edendigini gürrüň beripdi.

Senator Benýamin Kardin Döwlet sekretary Hillari Klintona ýazan hatynda Orsýetdäki bu jenaýatçylyklara dahylly adamlara garşy çäre görmekde Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jorj Buşuň kabul eden ýörite düzgüniniň ulanylyp bilinjekdigini belläpdir.

Şol gürüňi edilýän düzgün daşary ýurtlardaky korrupsiýalara dahylly ýa-da şol korrupsiýa işlerinden peýda görýän adamlaryň Birleşen Ştatlara girmeklerini gadagan edýär.
XS
SM
MD
LG