Sepleriň elýeterliligi

Braziliýa Eýranyň ýadro programmasy barada kepil isleýär


Düýn Braziliýanyň daşary işler ministri Kelso Amorim Eýranyň öz ýadro programmasynyň harby maksatlarynyň ýokdugyny kepillendirmegini talap etdi.

Braziliýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy bolup durýar. Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro programmasy sebäpli bu ýurda garşy BMG-niň täze sanksiýalary kabul etmelidigini öňe sürup gelýärler.

Braziliýanyň daşary işler ministri Kelso Amorim düýnki çykyşynda Tährany we dünýä döwletlerini indi birnäçe aý bäri togtap galan ýadro ýangyjy bilen bagly gepleşiklerde «çeýelik» görkezmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG