Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň prokurory Mladiçiň tutulmagyna aýak direýär


BMG-niň uruş jenaýatlary boýunça prokurory Serge Brammertz Bosniýanyň öňki goşun baştutany Ratko Mladiçiň tussag edilmegine çagyryş etdi.

Ol bu meselede başga çykalganyň bolup bilmejegini aýtdy. Serge Brammertz bu barada düýn günorta Bosniýada 1995-nýi ýyldaky Srebrennisa gyrgynçylygynyň ýatlama gününde eden çykyşynda nagtady.

Bosniýanyň öňki goşun baştutany Ratko Mladiç ozalky Ýugoslawiýa urşy bilen bagly döredilen halkara tribunalynyň iň uzak wagtlap gözlän gaçgagy bolup durýar.

Mladiç Srebrennisa gyrgynçylygyny planlaşdyrmakda we Saraýewony 44 aýlap gabawda saklamakda aýyplanylýar. Ol häzirki wagt Serbiýada gizlenýändir diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG