Sepleriň elýeterliligi

Halkara Walýuta fondy Gresiýa ýardam bermegiň aladasynda


Şu gün Halkara Walýuta fondunyň ýolbaşçysy Dominik Strauss-Kan Berlinde Germaniýanyň Maliýe ministri, Ýewropanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy we nemes parlamentiniň ýokary derejeli agzalary bilen gyssagly gepleşik geçirdi.

27-nji aprelde Gresiýanyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygynyň täsiri zerarly ýewro pul birliginiň hümmeti soňky bir ýylyň içinde iň pes derejä düşdi.

Soňky gowşan maglumatlarda Halkara Walýuta fondunyň Gresiýa kömek hökmünde berilmeli 45 milliard ýewro pul kömegine goşmaly goşandyny 10 milliarddan 20 milliard ýewro çenli galdyrandygy aýdylýar.

Gresiýadaky ýagdaýlara meňzeşlikde, Portugaliýadaky yaramaz ykdysady ýagdaýlar hem dünýa bazarynda bu ýurduň kredit bilen bagly ynam derejesini pese düşürildi.

Şu gün Gresiýada radiotehnikler we mugallymlar ýurtdaky ykdysady problemala protest bildirip, iş taşlaýyş yglan etdiler.

5-nji maýda Gresiýada bütin ýurt boýunça demonstrasiýalar geçiriler diýilip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG