Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň prezidenti Hytaýda Eýran barada meseleleri gozgar


Şu gün Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi öz aýaly Karla Bruni-Sarkozi bilen Hytaýa üç günlük sapar bilen bardy. Ol şu gün hem Hytaýyň lideri bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Bu saparynyň barşynda Fransiýanyň prezidenti Eýrana garşy sanksiýalary girizmek meselesinde Hytaýyň goldawyny gazanmaga çalşar diýlip garaşylýar.

Fransiýa Hytaý bilen bir hatarada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolup durýar.

Eýranyň ýadro programmasyny togtatmak islemeýändigi sebäpli Günbatar ýurtlary Tährana garşy täze sanksiýalary girizmek meselesini öňe sürýärler.

Emma BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Orsýet bilen Hytaý täze çäklendirmeleriň girizilmegini goldamaýarlar.
XS
SM
MD
LG