Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde Merkezi Aziýanyň resmileri bilen maslahat geçirilýär


Şu gün Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň resmileriniň arasynda näresmi duşuşyk geçirilýär.

Maglumatlara görä, bu duşuşyga Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň Daşary Işler ministrleri ýa-da olaryň orynbasarlary gatnaşýarlar.

Duşuşykda Gyrgyzystanda ýüze çykan ýagdaýlar hem geňeşilýär diýlip maglumat berilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Gyrgyzystanyň prezidentlik sistemasyndan parlament gurluşyna geçmegi ugrundaky tagallalaryna öz elden gelen ýardamlaryny bermäge taýýardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG