Sepleriň elýeterliligi

Bakyýew Gyrgyzystana 44 million dollar zyýan ýetiripdir


Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasynyň çaklamagyna görä, ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň we onuň maşgala agzalarynyň döwlete ýetiren zyýanynyň möçberi 44 million dollara barabar hasaplanylýar.

«Interfaks» habar gullugynyň maglumatynda ýurduň öňki hökümetiniň bikanun maliýe gözboýagçylygy bilen bagly 23 sany jenaýat işiniň gozgalandygy aýdylýar.

27-nji aprelde Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti häkimiýetden çetleşdirilen Kurmanbek Bakyýewe köpçülikleýin adam öldürmekde gaýybana günä bildirdi.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, şu gün günorta Gyrgyzystanda Kurmanbek Bakyýewiň ýolbaşçylygyndaky özbaşdak Günorta Gyrgyzystan demokratik respublikasyny döretmäge çagyryş edýän listowkadyr we CD diskleri halk arasynda ýaýradylypdyr.
XS
SM
MD
LG