Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet gizlin arhiw dokumentlrini elýeterli etdi


Şu gün Orsýetiň prezidenti Medwedew 1940-njy ýyllarda polýak ofiserleriniň Katyn tokaýlygynda atylyp öldürilmegi bilen bagly “Aýratyn bukja N1” atly gizlin arhiw dokumentlerini köpçülige elýeterli etmek baradaky karara gol cekdi.

Orsýetiň Federal arhiw gullugynyň ýolbaşçysy Andreý Artizow bu maglumatlaryň berk gizlinlikde saklanandygyny, olaryň diňe sanlyja adamlara elýeterli bolandygyny aýtdy.

Staliniň režiminiň gazaply döwri bolan 1940-njy ýylyň ýaz aýylarynda 22 muňe golaý polýak ofiseriniň we intelligensiýa wekilleriniň öldürilmegi bilen bagly bu dokumetleriň şu gün «Rossarhiwiň» internet saýtynda ýerlerşdirilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG