Sepleriň elýeterliligi

Yragyň bikanun türmesinde zorluk kada bolupdyr


Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Yragyň bir türmesinde tussaglary bikanun gynamagyň, urmagyň we zorlamagyň adaty bir ýagdaýa öwrülendigini aýdýar.

Guramanyň maglumatyna görä, bu gürrüňi edilýän türme şu gýnki güne çenli Yragyň premýer-ministriniň edarasyna garaşly harby birikmäniň gözegçiligi astynda bolup gelipdir.

Bagdadyň golaýyndaky bu Masanna türmesinde esasan Mosuldan getirilen sünni araplar saklanýar eken.

Human Rights Watch guramasy bu tussaghanany düýpli derňemäge çagyrdy.

Yragyň Adam hukuklary ministrligi bu türmäniň üstüni şu aý açdy we ony ýapmaly etdi. Şaýy premýer-ministri Nury al-Mäliki bu türmä özüniň dahyllylygyny inkär edýär.
XS
SM
MD
LG