Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gordon Braun saýlawçydan ötünç sorady


Düýn Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braun geljek hepde geçäk parlament saýlawlarynyň öňýany öz seresapsyzlygyny ýuwmarlamaga çalşyp, bir saýlawçydan ötünç sorady.

Ýakynda Gordon Braun oz saýlawçylary bilen duşuşygyndan soň, maşynyna münüp gidip barýarka, öz Zähmet partiýasyndan 66 ýaşly goldawçysy Gilian Daffä «yňdarma aýal» diýip, käýinipdi.

Gordon Braunyň bu sözleri onuň ýakasyna berkidilen mikrofon arkaly daşarky ses gataldýan sistema-da hem eşidilipdir.

Düýn Gordon Braun Gilian Daffeden ötünç soramak üçin onun öýüne bardy we özüniň bu ýakymsyz sözleri üçin ondan ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG