Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen prezidenti jenaýata dahylly däldigini aýdýar


Düýn Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow özüniň geçen ýyl Awstriýada öldürilen ýiti tankytçynyň ölümine dahyllydygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Awstriýanyň polisiýasy düýn Kadyrowyň 2009-njy ýylyň ýanwarynda Wenada öldürilen çeçen bosguny Umar Israilowy alyp gaçmagy buýrandygyny we munuň hem onuň ölümine sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Israilow öldürilmezinden öň çeçen prezidentine garşy adam hukuklaryny goramak kampaniýasyna başlapdy.

Ramzan Kadyrowyň garşydaşlary ony Birleşen Arap Emirliklerinde we Orsýetde öldürilen tankytçylaryň ölüminde hem günäkär hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG