Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat «Mersedes» galmagalyna reaksiýa bildirýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy «Daýmler AG» kompaniýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana-da «Mersedes» kysymly maşynlary satyş usullary baradaky galmagal bilen bagly beýanat ýaýratdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu meselede Türkmenistan babatda aýdylýan zatlaryň düýpden hakykata gabat gelmeýändigini aýdýar.

«Käbir döwletleriň resmi gurluşlarynyň köpçülikleýin habar serişdelerinde Türkmenistan barada esaslandyrylmadyk we barlanmadyk habarlary ýaýratmagy alada döredýär» diýlip, beýanatda aýdylýar we türkmen tarapynyň muňa ýurduň ýokary derejedäki halkara abraýyna zyýan ýetirmek synanyşygy hökmünde garaýandygy bellenýär.

Ýakynda halkara habar serişdelerinde peýda bolan maglumatlarda «Daýmler AG» kompaniýasynyň käbir ýurtlarda, şol sanda, Türkmenistanda-da öz biznes işlerini üstünlikli amala aşyrmak üçin resmilere para bermek metodyny ulanandygy aýdylypdy. Bu maglumatlara gorä, «Daýmler AG» kompaniýasy Türkmenistanyň bir ýokary derejeli resmisine 300 müň dollarlyk «Mersedes» kysymly maşyny hem sowgat beripdir.
XS
SM
MD
LG