Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet indi güýje daýanmakçymy?


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň garamagyna tabşyrylan täze kanun Federal howpsuzlyk gullugyna ekstremizmde güman edilýän adamlara garşy öňüni alyş çärelerini görmäge ygtyýar bermegi göz öňünde tutýar. Bu ygtyýarlyklaryň nähili netijeleri bermegi mümkin?

24-nji aprelde Orsýet parlamentiniň aşaky öýüniň garamagyna tabşyrylan täze kanuny proýekt Federal howpsuzlyk gullugynyň “kanuny talaplaryny” berjaý etmekden ýüz öwren raýatlary jezalandyrmagy hem göz öňünde tutýar.

Ýurduň häzirki kanunyna görä, Federal howpsuzlyk gullugy ekstremistik herekete baş goşmakda şübhelenilýän guramalara resmi duýduryşlary bermäge we jerime salmaga hakly. Emma häzire çenli Federal howpsuzlyk gullugy aýratyn raýatlara garşy çäre görmek hukugyna eýe däldi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy öz ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça edýän aladalaryny esaslandyrmak üçin 29-njy martda Moskwanyň metrosynda köpsanly adam pidasyna getiren bomba partlamalaryny ýurtda soňky ýyllarda ekstremistik hereketleriň artanlygynyň subutnamasy hökmünde ulanmaga çalyşýar.

Göreş çäresimi ýa basyş guraly?

Emma adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň pikirine görä, täze kanun howpsuzlyk gulluklaryna raýatlary gorkuzmaga we režimiň syýasy garşydaşlaryna basyş etmäge goşmaça mümkinçilikleri berýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan oppozision “Ýabloko” partiýasynyň lideri Sergeý Mitrohin täze kanuna soňky aýlarda Orsýeti gurşap alan hökümete garşy çykyşlara reaksiýa hökmünde garaýar.

Aktiwistler Federal howpsuzlyk gullugynyň ygtyýarlyklaryny artdyrýan täze kanunyň kabul edilmegi bilen Sowet döwrüne mahsus ýaramaz düzgünleriň gaýdyp gelmeginden howatyrlanýarlar. Sowet döwründe Döwlet howpsuzlyk komiteti ýa-da KGB islendik raýaty näresmi gürrüňe çagyrmaga haklydy we ol bu ygtyýarlygyny dissidentlere basyş etmekde täsirli gural hökmünde ulanyp gelipdi.

Orsýetiň habar beriş serişdelriniň maglumatlaryna görä, täze kanuna laýyklykda, Federal howpsuzlyk gullugy hereketleri jenaýatçylyga sebäp bolup biler diýip çak eden raýatlaryna duýduryş bermäge hakly bolar. Bu bolsa, hatda ýuridiki taýdan esas bolmadyk ýagdaýynda-da, häkimiýetler tarapyndan raýatlara jenaýatçylyga dahylly hökmünde garalmagy üçin ulanylyp bilner.

Şeýle-de, täze kanun Federal howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine boýun bolmadyk ýa garşylyk görkezen raýatlara jerime salynmagyny hem göz öňünde tutýar.

Döwlet Dumasynyň garamagyna tabşyrylan kanuna berilýän resmi düşündirişde 2007-nji we 2008-nji ýyllar aralygynda Orsýetde ekstremistik jenaýatçylygyň 30 % köpelenligi bellenilýär.

Raýatlaryň konstitusion hukugyna howp

Dumanyň “Sprawedliwaýa Rossiýa” fraksiýasynyň deputaty Ilýa Ponomarýow hökümetiň ekstremizm barada berýän sanlarynyň örän çişirilenligini aýdýar.

Sowet döwrüniň dissidenti, ynsan hukuklaryny goraýjy “Za prawa çeloweka” atly guramanyň müdiri Lew Ponomarýowyň pikirine görä, Federal howpsuzlyk gullugyna goşmaça ygtyýarlyklary berýän kanunyň kabul edilmegi raýatlaryň bigünäligini subut etmek hukugynyň bozulmagyny, ýörite gulluklaryň pozisiýasynyň güýçlenmegini we Orsýetiň konstitusiýasynyň bozulmagyny aňladar.
XS
SM
MD
LG