Sepleriň elýeterliligi

ABS-nyň senatynda krizisleriň sebäpleri gozgaldy


27-nji aprelde Amerikan senatynyň komissiýasy 140 ýyl bäri Wall Streetde iş alyp barýan belli «Goldman sachs» maliýe-inwestisiýa kompaniýasynyň häzirki we ozalky ýokary derejeli işgärlerini soraga çekdi. Bu diňlenişikde kompaniýanyň resmileri diňe özlerini aklamaga çalyşdylar.

Wall Streetiň iň abraýly bankynyň, dünýä boýunça beýlekilerden üstün söwda maliýe guramasy diýlip hasaplanylýan «Goldman sachs» maliye kompaniýasynyň işgärleriniň beýle berk soraga çekilmegine sebäp bolan zat - olaryň maliýe krizisiniň döremeginde we Birleşen Ştatlarda öý-jaý bazarynyň çökmeginde oýnan roludyr.

Birleşen Ştatlaryň gymmatly kagyzlar we birža gözegçilik edýän komissiýasy öten hepde bu kompaniýany öz gazanjyny ýokary derejede artdyrmak üçin möhüm maglumatlary potensial maýa goýujylardan ýaşyranlykda, ýagny kezzaplykda aýyplady.

Senatyň derňewler baradaky aşaky komissiýasynyň başlygy Karl Lewin milliardlarça dollar gazanç etmek üçin «Goldman sachs» maliye kompaniýasynyň öz müşderileriniň ynamyny satandygyny aýtdy.

«Hümmetsiz, ödelmän ýatan kreditleriň tutuş maliýe sistemasyna ýaýramagyna getiren zat onuň çylşyrymly maliýe strukturasyndan galp peýdalanandygy” diýip, Karl Lewin belledi.

Lewin: «Müşderileri barja pullaryny ýitirip ýörkä, bu kompaniýa gazanç etdi. Onuň edim-gylymy Wall Streetiň tutuş funksiýasynyň sorag astyna alynmagyna getirdi» diýdi.

Onuň zyýany köpe ýetdi

«Firmanyň öý-jaý üçin berlen töwekgelçilikli kreditleri bazara salmak bilen, Birleşen Ştatlaryň öý-jaý baradaky kredit bazaryna garşy gidenligini onuň öz dokumentleri görkezýär. Ol ähli zat görnüp dursa-da, bu işi edendigini inkär etdi. Dogry, peýda görmek, gazanç etmek kanuna ýa ahlaga ters däl. Ýöne «Goldman sachs» diňe pul gazanmak bilen çäklenenok. Müşderileri bu kompaniýanyň bir önümi satyp, onuň üstünlikli bolmagynyň öňüni hem özi bökdär diýip garaşmandyklaryny aýdýarlar. «Bu kompaniýa şeýle ýagdaýdan peýda gördi» diýip, Lewin belledi.

Soraga çekilenleriň hemmesi berilýän soraglara göni ýa doly jogap bermekden saklandylar. Olar özlerine bildirilýän aýyplamalary, şeýle hem öz eden işleri bilen müşderilerine, tutuş ykdysadyýete zyýan ýetirendiklerini inkär edip, «Goldman sachs» kompaniýasyny goradylar.

Senator Susan Kollins «Goldman sachs» maliye kompaniýasynyň ýokary derejeli işgärleriniň biri bolan Dan Sparksdan öz müşderileriniň bähbitleri ugrunda iş alyp baranlygyna ynanyp-ynanmaýanlygyny soranynda, ol: «Men müşderilerimize hem hyzmat etmegiň öz wezipämizdigine ynanýaryn» diýip, jogap berdi.

«Goldman sachsyň» eden işleriniň zyýany Günorta Ýewropa ýurtlaryna-da gelip ýetdi. Bu gün Gresiýa we Portugaliýa ýaly ýurtlaryň agyr bergä batmagyna sebäp bolan hem şol zyýanlar diylip hasaplanylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG