Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy baradaky komissiýasynyň täze hasabatynda: “Din azatlygy tutuş dünýäde howp astdynda. Ol adam hukuklarynyň ozal hem öwerlik däl ýurtlarynda hökümetler tarapyndan basgylanýar” diýlip, duýduryş berilýär.

“Jemgyýeti aýratyn alada goýýan ýurtlar” diýlen kategoriýa mundan öň 8 ýurt girizilen bolsa, bu gezek olaryň sany 13. Bu sanawa girizilen täze bäş ýurt Yrak, Nigeriýa, Pakistan, Türkmenistan we Wýetnam. Hytaý, Eýran, Saud Arabystany we Özbegistan ýaly ýurtlar bu sanawda ozaldan bar.

Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy baradaky komissiýasynyň agzalarynyň biri-de ýokary derejeli syýasy analitik Keti Kosman. Onuň garaýşyça, gelnen netijeler dini ybadaty çäklendirmegiň häkimiýet başynda galmak üçin repressiw hökümetleriň elinde möhüm gurala öwrülendigini görkezýär.

“Hökümetleriň ilkinji aladasy häkimiýet başynda, wezipe başynda galmak. Şol sebäpden hem olar graždan jemgyýetiniň täsirini dürli ýollar bilen çäklendirmäge synanyşýarlar. Şeýdip, mediýa hem çäklendirilýär. Onsoň, şeýle ýagdaýda köp adamlary toplap, aýaga galdyrmak ukybyna eýe bolan ýeke-täk güýç dini toparlar bolýar” diýip, Keti Kosman belleýär.

Sowet döwrüne mahsus tendensiýa

Hanym Kosmanyň aýtmagyna görä, Ýewropanyň öňki kommunistik ýurtlarynda we Orta Aziýada-da hökümetler adamlaryň göni pikirlerine täsir etmäge synanyşýarlar.

“Men bu ýagdaý dünýäniň bu böleginde Sowet döwrüne degişli dolandyryş tendensiýalarynyň ýüze çykmasy diýip pikir edýärin. Bu ýerde hökümetler adamlaryň näme pikir edýänligine, nähili pikir edýänligine kontrollyk etmek isleýärler. Olaryň bu barada alyp barýan işleri indi barha artýar” diýip, Keti Kosman belleýär.

Kosman Orsýet bilen birlikde Orta Aziýa ýurtlarynyň hem käbiriniň gadagan edilen dini hereketleriň sanyny artdyrandyklaryny, adamlaryň şular ýaly ýollar bilen hem yzarlanýandyklaryny aýdýar.

“Özbegistan özüniň ekstremizm diýip girizýän kesgitlemesini birsyhly üýtgedip, birsyhly ýaýbaňlandyrýar. Şeýlelikde, bu ýurtda indi Seýit Nursy diýilýän turk teologynyň kitaplaryny okaýanlara-da ekstremistik iş alyp baryjylar diýlip garalýar. Gynansak-da, bu Orsýet we Täjigistanda-da şeýle” diýip, Keti Kosman bu problema üsi çekýär.

Türkmenistan hem alada döredýär…

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy baradaky komissiýasynyň hasabatynda Türkmenistan barada şeýle diýilýär: “Bu ýerde dini erkinlik boýunça çynlakaý problemalar bar. Häkimiýetler tarapyndan dindarlara berilýän azar aýrylyp gidenok. Uzak wagtlap ýurtda höküm süren diktator Saparmyrat Nyýazow aradan çykaly bäri üç ýyldan hem köp wagtyň geçendigine garamazdan, resmi hasaba alnan we alynmadyk dini toparlara edilýän zulum-sütem dowam edýär.

Dini toparlaryň alyp barýan kanuny işlerini kynlaşdyrýan 2003-njy ýyla degişli repressiw kanun häzirem öz güýjünde. Berilýan ähmiýeti birneme azalsa-da, türkmen hökümeti ”Ruhnamanyň” üsti bilen öňki prezidentiň şahsyýet kultuny dowam etdirýär”.

Ramzan Kadyrowa üns berildi

11 ýyl bäri hasabat çap edýän bu komissiýanyň mundan öň öz hasabatlarynda aýratyn bir şahsyýet barada çäre görülmegini teklip eden gezegi ýokdy. Ýöne ol bu gezek Amerikan hökümetini Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň garşysyna wiza gadagançylygyny girizmeklige çagyrýar.

Komissiýa öz teklibini Ýewropanyň Adam hukuklary baradaky sudunyň Kadyrowyň ýolbaşçylygyndaky ýaragly güýçleri adam hukuklaryny ençeme gezek bozanlykda günäli tapanlygy bilen delillendirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG