Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda onlarça çaga pyçaklandy


Şu gün Hytaýyň günortasynda çagalar bagyna hüjüm edildi. Hüjüm ediji 28 çagany we 3 sany uly adamy pyçaklady. Çagalardan köpüsi dört ýaşly çagalar bolup, olardan bäşisi jüda agyr halda.

Hüjüm eden 47 ýaşly ýerli ýaşaýjy tussag astyna alyndy.

Düýn şuňa meňzeş başga bir hüjümde jenaýatçy Hytaýyň günortasyndaky bir mekdepde 15 okuwçyny we başlangyç mekdebiň bir mugallymyny ýaralady.

Birnäçe hepde mundan öň Hytaýda geçen ýyl 8 çagany pyçaklap öldüren we ölüm jezasyna höküm edilen jenaýatkär bilen bagly höküm ýerine ýetirildi.
XS
SM
MD
LG