Sepleriň elýeterliligi

Ukrain prezidenti rus floty baradaky şertnamany tassyklady


Şu gün Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Orsýetiň Gara deňiz flotunyň Krymda galmaly wagtyny uzaltmak barada ýurduň parlamentiniň makullan ylalaşygyna gutarnykly gol çekdi.

Bu dokumente ozalbaşda Orsýetiň we Ukrainanyň prezidentleri 21-nji aprelde Harkowda geçiren duşuşyklarynda özara gol çekipdiler.

Dokument Ukrainanyň parlamentinde maslahatlaşylan wagty ýüze çykan dawalarda deputatlar özara ýumruklaşmaklyga çenli baryp ýetipdiler.

Oppozisiýa lideri Ýuliýa Timoşenko bu baradaky şertnamany konstitusiýa garşy gelýän dokument atlandyryp, öz pikirdeşlerini oňa garşy çykyş etmeklige çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG