Sepleriň elýeterliligi

Owgan deputatynyň bir garyndaşy öldürildi


Şu gün Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň parlament deputaty Safiýa Syddyky öz obasynda amerikan harbylarynyň reýd geçirip, öz garyndaşlaryndan birini öldürendiklerini aýtdy.

Safiýa Syddyky harbylaryň öz garyndaşlarynyň el-aýagyny daňyp, olardan birini öldürendiklerini tassyklady.

Owganystandaky ýaran güýçleriň harby resmileri özleriniň bu welaýatda owgan bölümleri bilen bilelikde talyplara ýardam berýänleri ýüze çykarmak üçin reýd geçirip, “bir ýaragly adamy öldürendiklerini” aýdýarlar.

Bu baradaky maglumatda ol ýaragly adamdan ýaragyny taşlamaklyk ençeme gezek talap edilenden soň, oňa ok atylandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG