Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa çilim satmagyň düzgünlerini pugtalandyrýar


Awstraliýanyň hökümeti çilim satmagyň düzgünlerini ep-esli berkitmekçi.

Awstraliýanyň premýer-ministri Kewin Radd 2012-nji ýyldan çilimleriň gaplarynyň daşyndaky olaryň markasyny görkezýän uly ýazgylary ulanmaga gadaganlyk giriziljekdigini aýtdy.

Bu plana gorä, ýakyn geljekde çilim gabynyň daşynda esasy orny çilimiň dürli kesellere alyp barýandygy baradaky duýduryşlar, degişli reňkli suratlar eýelär.

Mundan daşary, Awstraliýada şu gün ýarygijeden başlap çilim söwdasynyň salgydy hem 25% ýokarlanar.
XS
SM
MD
LG