Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bilen Orsýet täze şertnama baglaşmakçy


Birleşen Ştatlar çagalary ogullyga hem gyzlyga almagyň täze düzgünleri barada Orsýet bilen ylalaşyp biljegine umyt baglaýar.

Ýakynda bir amerikan aýaly öz ogullyga alan rus oglanjygyny uçara mündürip, Moskwa iberenden soň, Orsýet ogullyga hem gyzlyga bermek ylalaşyklarynyň köpüsini togtatdy.

Döwlet departamenti amerikan hem rus resmileriniň bu mesele boýunça düýn Moskwada «oňyn duşuşyk» geçirendiklerini we 12-nji maýda ýene duşuşmakçydyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG