Sepleriň elýeterliligi

Klinton palestinalylary goldamaga çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ýakyn Gündogar parahatçylyk prosesiniň janlanmagy üçin arap döwletlerini palestinalylara has köp goldaw bermeklige çagyrdy.

Şeýle hem ol Palestinanyň Ysraýyl bilen gepleşiklere başlamagyna we jeňçileriň ýaraglandyrylmagyny togtatmaga çagyryş etdi.

Klinton Amerikan ýewreý komitetinde eden bu çykyşynda Liwandaky Hizbulla toparyna Siriýanyň ýarag geçirýändigi barada Birleşen Ştatlaryň bildirip gelýän aýyplamasyny ýene bir gezek gaýtalady.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň Eýrana öz ýadro programmasyny togtatmagy we kadaly gatnaşyklardan peýdalanmagy üçin pursat bermäge çalyşýandygyny, bu pursatlardan Eýranyň paýhasly peýdalanmadyk halatynda Tähranyň has berk izolýasiýalar we agyr netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolýakdygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG