Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňze guýulýan nebit basym ABŞ-nyň kenaryna ýeter


Meksika aýlagyndaky nebit skwažinasynda ýüz beren ýangyndan soň, burawdan atylyp deňze guýulýan uly nebit läbiginiň şu gün giçlik Birleşen Ştatlaryň kenaryna ýetmegine garaşylýar.

Luiziana ştaty bu nebit läbiginiň deňze has kän zyýan ýetirmeginden ätiýaç edip, adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we arassalaýyş işlerine kömek üçin Milli gwardiýanyň 6 müň esgeriniň iberilmegi üçin federal serişdesini sorady.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hökümetiň uly mukdardaky nebit läbiginiň garşysyna durmak üçin mümkin bolan ähli serişdäni, şol sanda goşuny hem ulanjagyny wada berdi.
XS
SM
MD
LG