Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Hytaýa tarap gadamlary


G.Berdimuhamedowyň Hytaýa edýän häzirki saparyna diňe bir Aşgabat bilen Pekinde däl, dünýäniň beýleki uly paýtagtlarynda, ylaýta-da, Moskwada, Tähranda we Waşingtonda-da üns bilen syn ediljekdigi öz-özünden düşnükli. Näme üçin?

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň okgunly ösüşiniň Kremle açyk ýaramaýandygyny türkmen ýolbaşçylary aňman, duýman duranoklar. Sözüň belli bir manysynda, oýnalyan hytaý “karty” Aşgabat üçin Orsýet, Eýran, Günbatar, ylaýta-da, Birleşen Ştatlar bilen gepleşiklerde güýçli strategik “kart” bolup hyzmat edýär.

Geçen hepde G.Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň maslahatynda hut halkara “tomaşaçylaryna” niýetläp, Hytaýa boljak saparyň bu iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary ýola goýmaklyga uly itergi berjekdigini aýtdy.

Hytaýyň rüstem taraplary

Dünýä walýutasynda ägirt uly pul serişdelerine eýe bolan Hytaý bu günki gün elýeterli donordyr. Bu faktyň özi gatnaşyklarda soňky orunda durýan zat däl. Mesele şuňa gelende, Orsýet kynçylyksyz kredit bermek, maliýe we adam resurslarynyň elýeterliligi boýunça Hytaýdan köp yzda dürýar.

Ýene bir sebäp - partnýoryň islegini kanagatlandyrmak fakty-da Hytaýyň peýdasyna işleýär. Türkmen gazy Hytaýa, Orsýetiň edişi ýaly, başga bir ýurda ýaňadan satmak üçin däl-de, öz ykdysadyýeti, öz senagaty üçin gerek. Şonuň üçinem, hytaýly ýaranlar orsýetlilerden has ynamdar, ygtybarly bolup çykýar.

Geçen ýyl türkmen gazynyň Orsýete akdyrylmagynda ýüze çykan bulam-bujarlyk ýaly ýagdaýa Pekin bilen gatnaşyklarda garaşmasa bolar. Geçen ýylyň aprelinde türkmen gazynyň akymy Orsýet tarapyndan ýapyldy, Kreml öň baglaşylan ylalaşygy üýtgetmegi talap etdi.

Şunuň ýaly agressiw herekete Hytaýyň gitmejegine Aşgabat ynanýar. Tersine, Pekin diňe bir Türkmenistanda däl, tutuş Merkezi Aziýa regionynda köpsanly proýektleri maliýeleşdirmäge taýýardygyny görkezip gelýär. Munuňam üstesine, regionyň bazarlarynda Orsýet bilen Hytaýyň bäsdeşligi ABŞ-y, Eýrany we Ýewropany Merkezi Aziýada Orsýetiň agalygynyň peselmeginden peýdalanmaga iterdi.

Hytaý Türkmenistana görelde bolup biler...

Hytaýyň özboluşly aktiwligi Merkezi Aziýada, anyk aýdylsa, Türkmenistanda öz ykdysady örüsini berkitmäge, berk ornaşmaga beýleki potensial partnýorlara-da itergi berdi.

Şunuň ýaly saýlamak üçin köp variantlaryň peýda bolmagyndan türkmen ýolbaşçylary diňe utuş gazanyp bilerler. Ýöne munuň üçin ykdysady bäsdeşlik şertlerinde çeýelik görkezmegi başarmaly. Şu meselede Hytaý Türkmenistana görelde bolup biler, çünki täze ykdysady syýasatynyň netijesinde Pekin sowet usulyndaky merkezleşdirilen gazaply maşyny güýçli depginde ösýän häzirkizaman bazar gatnaşyklaryna öwürdi. Şu öwrülişigiň başynda meşhur täzelikçi Den Sýao Pin durupdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen Den Sýao Pini bolup bilermi? Bu meselede köp zat onuň özüne bagly bolsa gerek. Türkmenistanyň şahsy sektorynda gowuşgynsyzlyk duýulýar, ösüş juda pes.

Şu nukdaýnazardan, ykdysadyýetde döwlet sektoryna esasy orun berilýän Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, sol sanda, Türkmenistandan hem Hytaý onýyllyklarça öňde barýar.

Döwlet sektory gatnaşyklary ösdürmegi saklaýan, ony agyzdyryklaýan faktordyr. Ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda liberallaşmanyň, açyklaşmanyň ýokdugy üçin türkmen döwlet propagandasynyň sütüni bolup durýan planlar Türkmenistanda başa barmaýar. Şol planlary amala aşyrmak türkmen häkimiýetlerine başartman gelýär.

Durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada berilýän wadalaryň kagyz ýüzündäki şygar bolup galmagy mümkin. Real durmuşda olar näme üçin amala aşmaýar? Haçanam bolsa bir wagt muny düşündirmäge owadan sözleriň tapylmazlygy mümkin.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletlri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG