Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan parlament döwletine öwrülermi?


Gyrgyzystanda parlament respublikasyna geçmek meselesini hem öz içine alýan täze konstitusiýanyň taslamasyna ses bermek boýunça şu ýylyň 27-nji iýunynda ýörite referendum geçiriler. Bu möhüm wakanyň bosagasyndaky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy radionyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Törekul Doorow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Törekul, referendumyň öňýanynda wagtlaýyn hökümet syýasy özgerişliklere nähili taýýarlyk işlerini görýär?

Törekul Doorow: Gyrgyzystanyň hökümet gurluşyny parlament respublikasyna öwürmek boýunça eýýäm konstitusiýanyň proýekti köpçülige ýetirildi. Bu mesele boyunça häzir gyzgalaňly geňeş barýar. Geçiş hökümeti halkyň pikir-garaýyşlaryny ýygnap, zerur bolan halatynda, şol proýekti kämilleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu çekeleşikler maý aýynyň ortasyna çenli dowam eder. Soňra, 27-nji iýunda, bu mesele boýunça ählihalk referendumy geçiriler. Parlament respublikasyna geçmekligiň esasy ideýasy - ýokary häkimiýeti ýeke-täk bir adamynyň eline bermezlikdir.

Ähli häkimiýetiň bir adamyň elinde jemlenen halatynda nähili ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykyp biljekdigine gyrgyz halky öz tejribesinde göz ýetirdi. Şonuň üçin, gyrgyzlar parlament respublikasynyň tarapdary.

Elbetde, bu ideýa garşy çykýanlar hem bar. Olardan käbirleri “häkimiýetiň parlament gurluşy biziň halkymyzyň däp-dessurlaryna laýyk gelmeýär” diýýärler. Ýöne, her nähili bolanda-da, halk köpçüligi indiden beýläk ähli häkimiýetiň bir adamynyň elinde jemlenmegine garşy.

Azatlyk Radiosy: Törekul, Gyrgyzystanda günorta bilen demirgazygyň bölünmek howpy barmy? 28-nji iýunda günorta Gyrgyzystanda özbaşdak demokratik respublikany döretmäge çagyrýan listowkalaryň ýaýradylandygy habar berildi.

Törekul Doorow: Hawa, ýurduň günorta regionlarynda ýaşaýanlaryň arasynda şeýle listowkalar hem CD-ler ýaýradylypdyr. Bu iş häzir Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan derňelýär. Bu jenaýatçylygy gurnanlara garşy gaty berk çäreleriň görüljekdigi habar berildi.

Azatlyk Radiosy: Muňa halkyň arasynda nähili reaksiýa boldy?

Torekul Doorow: Halk köpçüligi bu hereketi prowokasiýa, ýagny, öjükdirme hökmünde garşy aldy. Bary-ýogy 6 million adamdan ybarat halk bolup, özara bölünişsek, bizden näme galar? - diýip, günorta regionlaryň ýaşaýjylarynyň köpüsi aýdýarlar.

Bizde region boýunça bölünmek meselesi öň hem bardy. Ýöne soňky wagtlar merkezi hökümet edaralaryna günortadan ýolbaşçy bellenilse, “olar öz obadaşlaryny işe alýarlar” diýen gürrüň bolmaz ýaly, demirgazyk gyrgyzystanlylary hem köpräk işe almaga çalyşýardylar. Ýöne köp ýerli synçylar hut Bakyýewiň alyp baran syýasatynyň bu problemany ýitileşdirendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Törekul, şeýle-de Bakyýewiň özüniň we maşgala agzalarynyň hereketleri zerarly Gyrgyz döwletine 44 million dollara barabar zyýan ýetirilendigi habar berildi. Prokuratura maliýe gözboýagçylyklary bilen bagly 23 sany jenaýat işiniň gozgalandygyny hem habar berdi.

Törekul Doorow: Hawa, häzir Bakyýewiň maşgala agzalaryna degişli bolan hemme emläk derňelýär. Olara ýurduň iň iri kompaniýalarynyň degişli bolandygy anyklanyldy. Mysal üçin, energetika pudagyna degişli birnäçe kompaniýa Bakyýewleriň eýeçiliginde eken. Arak öndürýän zawodlary, kommunikasiýa we aragatnaşyga degişli kompaniýalary hem Bakyýewiň maşgala agzalary hususulaşdyrypdyrlar.

Häzir Bakyýewlere degişli aksiýalar hökümetiň eýeçiligine geçirilýär. Mysal üçin, “Megakom” kompaniýasynyň aksiýalarynyň 51 %-ti hökümete geçirildi. Arak zawody doly hökümete geçirildi.

Arak zawodynyň uzak ýyllaryň dowamynda girdejisiz işläp gelendigi aýdylýardy. Häzir bolsa şol zawodyň başda Akaýewiň ogly tarapyndan dolandyrylandygy, soňra-da Bakyýewiň oglunyň eline geçendigi anyklanyldy. Häzir şeýle kompaniýalar hem döwlet eýeçiligine geçirilip başlandy. Bu hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
XS
SM
MD
LG