Sepleriň elýeterliligi

Deňze guýulýan nebit ABŞ-a baryp ýetdi


Meksika aýlagyndaky nebit skwažinasyndaky ýangyndan soň burawdan çogup cýkýan nebit şu gün ABŞ-nyň kenarlaryna, Missisipi derýasynyň deňze guýýan ýerine baryp ýetdi.

Nebitden iň köp zyýan çekmek howpy abanýan Luiziana ştatynyň häkimiýetleri ekologiki betbagytçylygyň öňüni almak üçin 6 müň esgeriň iberilmegini sorap Pentagona ýüzlendi.

Düýn, 29-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama uly mukdardaky nebitiň ekologiýa ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak üçin mümkin bolan ähli çäreleri görjegini, şol sanda goşuny hem ulanjagyny wada berdi.

Geçen hepdede Meksika aýylagyndaky nebit skwažinalaryndan birinde çynlakaý tehniki näsazlyk ýüze çykdy. Ondan syzyp çykýan nebiti henize çenli togtatmak başartmaýar.
XS
SM
MD
LG